Ilkinji jaň bagtyýarlygyň sesi bolup ýaňlanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylýan ilkinji jaňlar täze ― 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli uly dabara geçirildi. Dabara açylyp döwlet senamyz ýaňlanandan soňra, mekdebimiziň direktory Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli goýberen gutlagyny okady. Soňra gelen myhmanlar hem talyplarymyzy ilkinji okuw günleri bilen gutlap, üstünligiň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda birinji ýyl talyplarymyza talyplyk şadatnamasy gowşyryldy. Mekdebimizi tapawutlanan diplom bilen tamamlan uçyrymlarymyzdan 1-nji ýyl talyplarymyz nyşan açaryny kabul edip aldylar. Türkmenistanyň döwlet kasamyny kabul edip bagtyýarlygyň sesi bolan ilkinji jaň sesi ýaňlanyp talyplaryň ilkinji sapaklary başlandy.
Berkarar Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşleri amal etmekde ýola goýulýan parasatly döwlet syýasaty bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy.Ýaş nesiller milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.
Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär.
Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän türkmen halkyny Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus