Sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr.
Asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Ýurduň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanmaga berildi. Türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilen. Sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygyň ýokary derejelere çykmagyna hem ýardam edýär. Bedenterbiýäniň we sportuň ösüşi «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Meýletinçilik hakynda», şeýle-de «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilen. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä olimpiýa hereketine goşulyşmak üçin Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde sporty ösdürmek sagdyn bedenli ýaşlary kemela getirmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökümde 2007-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda türkmen milli göreşi we “Guşakly göreş” boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 65 kg agram derejesinde 1-nji orna biziň Oba hojalygyny mehanizasmleşdirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby Amanow Handurdy mynasyp boldy.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty giňden ösdürmek şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda bedenterbiýe we sport hereketi ýurdumyzda görlüp eşidilmedik depgine eýe boldy. Sport ulgamynyň ösmegine we ýurdumyzyň ýaşyl Tugunyň dünýä ýüzünde belentde parlamagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw edýäris!
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary
Berdiýew Arslan,
Bersenýowa Kristina