Ukyp başarnyklaryň gözbaşy



     Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 
     Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. “Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek bilen birlikde, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär”, diýip belläp geçýär. Bu bolsa ýaşlara döwrebap bilim bermäge olary ukyp-başarnykly  ýüze çykarmak üçin uly işler hem biziň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde  alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde şu gün biziň orta hünär okuw mekdebimizde 1-nji ýyl talyplaryň aýlyk bahalarynyň jemi jemlenmegi esasynda maslahat geçirdi. Onda talyplaryň okuwa bolan ýetişigi, sportda, makalalarda özüni gowy tanadan talyplaryň  sag bolsunlar aýtdylar. 
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegine badalga berýär. Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak döwletli işleri rowaç bolsun.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79