Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri.


     Biziň ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bütin türkmen halkynyň aňynda uly orun tutýar. Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günümizden bäri halkymyzyň saglygy, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde ägirt uly işler bitirilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga hukugynyň kepillendirilmegi raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde mümkinçiliklere ýol açdy. Şeýle hem ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagy düýpli özgertmek, keselleri bejermegiň, olaryň öňüni almagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmek, şonuň ýaly-da, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek ýaly işlerde uly üstünlikler gazanyldy. Ynsanyň bagtyýar ýaşamagy üçin, ilki bilen, saglyk gerek. Muňa çuňňur düşünýän Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde «Saglyk — abatlyk» diýen bölüme giň orun berip, «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýär we saglyk barada maglumatlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen täsirli gürrüň berýär. Bu bolsa ýaş neslimiz üçin dowamat paýhas ýörelgesidir. Netije­de, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 
     Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Şonuň üçinem watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylýarlar.
     Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Gurbanow Ahmet

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79