Sanly ulgam-bilimiň üstinlikleri




     Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilen ajaýyp üstünlikleriň biri hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstinliklerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň we ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrýar. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek we elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Elektron okuw talyp ýaşlaryň özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr we sanly maglumatlary ulanmak, öwrenmek, saklamak endiklerini özleşdirmek üçin mümkinçilikleri açmaga kömek edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürilmeginde Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinide uly işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip talyplaryň okuw sapaklaryna gatnaşyp alýan bilimlerini, sanly bilim portaly arkaly testleriň kömegi bilen kompýuterde geçip, özleriniň sapaklary özleşdirişleri barada anyk netije almaklaryny görkezmek bolar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň mekdebimiziň sanly bilim portalynda öz bilimlerini barlamaga we netije çykarmaga mümkinçilik berýär. 
     Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk pudagyna zerur ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler mundan beýläk-de oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79