BILIM KÄMILLIGIŇ AÇARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyny döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilime aýratyn uly üns berilýär. Ylym-bilim – ýaş nesli terbiýelemek we okatmak barada şahsyýtiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiň binýady hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: „Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler“ diýip jaýdar belleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýli özgertmeler bilen, bilim terbiýeçilik işlerini hil taýdan täze derejä çykarmak arkaly, ösüp gelýän ýaş nesilimizi gadymy ata-babalarymyzyň edep, medeni, ynsanperwer ugurlarda gazanan milli gymmatlyklary bilen dünýägaraýşyny giňeltmek biziň baş wezipämizdir.
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary Ministrligi, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň we halypa mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen giňişleýin maslahatda, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň direktory O.Isgenderowanyň giriş sözleri bilen açylyş dabarasy alynyp baryldy. Mundan başgada, bu maslahatda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw medebiniň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň halypa mugallymlarynyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdirildi. Netijede, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ähli derejelerinde bilim-terbiýeçilik işleriniň hiliniň, mazmunynyň kämilleşdirilmegi döwrüň talaplaryna laýyk amala aşyrylýar. Jemläp aýdanymyzda, usuly-amaly okuwlarda we maslahatlarda bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň hiline baha bermegiň innowasion usullaryny tejribä giňişleýin ornaşdyrmagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2025-2026-njy - başlan täze okuw ýylynda okatmagyň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Rahmanowa Bägül,
Gurbanmämmedowa Çynar