Agro işewürligiň ilkinji ädimleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bazar ykdysadyýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylmagyna uly ähmiýet berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz çygrynyň — hususyýetçiligiň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen tutumly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Şeýlelikde, telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi bilen ilatyň ýokary hilli harytlara, önümlere we hyzmatlara barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda guwançly netijeler gazanylýar. Aslynda, türkmen telekeçiligi hakynda gürrüň açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýen parasatly jümlesi ýadyňa düşýär.
Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy telekeçiligi ösdürmeki bardadaky syýasayny nazara alyp Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goýberen haty esasynda biziň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde Agro işewürlik merkezi açyldy. Şol esasynda biziň mekdebimizde “ Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiligi ösdürmek barada alyň barýan syýasaty” temasyny boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Onda Agro işewürlik merkeziniň guramaçysy Esenmämmedowa Tawus, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Kazakowa Oguljeren hem-de mekdebimiziş mugallymlary Gelmyradow Orazmyrat we hojaberdiýewa Käkil çykyş edip, talyplary Agro işewürlige çekmek barada maslahatlar berildi. Taryhda bazar gatnaşygy juda uzaga çekýär bazar gatnaşyklarynyň ösmegine hem zerurlyk, hem şert bolup çykyş edýär. Şeýdibem, bu ýagdaýyň hut telekeçiligiň pelsepesi bolup galandygy aýdylsa, ýalňyş bolmasa gerek. Çünki hatda ýekebara maşgala hem hususyýetçi hökmünde söwda gatnaşyklaryna barha işjeň girip, maşgalasynyň çäginde telekeçä öwrülýär gidiberýär. Indi bolsa şeýle ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly, bazar gatnaşyklarynyň artykmaçlygyna dogry düşünilip, telekeçilik taryhy ornuny dikeldip, häzir bu bähbitli filosofiýa doly güýjünde öz pragmatiki ýoly bilen tutuş dünýäni ösüşlerden-ösüşlere iterýän zeruryýetlige öwrüldi. Dünýäniň iň öňdebaryjy usullaryny çelgi-ýörelge edinýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda 30 ýyl içinde, ylaýta-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda uludan-uly ösüşler gazanyldy diýip belläp telekeçiligiň kanunçylyk taraplaryny ýönekeý dilde beýan etdiler.
Telekeçilik işini alyp barmagyň hukuk binýadyny has-da berkitmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaçlara beslensin.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Jumaýewa Mähri