Nazary bilimler önümçilikde özleşýär
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Bir okan kitabyňy iki-üç gezek okamak şol bir zady gaýtalamak däl.  Bu öň düşünip bilmedik ýerleriňi gaýtadan özleşdirmäge şert döredýär.  Şunuň bilen baglylykda, hünär tejribeligi hem nazary bilimleri gaýtalamak däl-de, öz ruhy dünýäňde, durmuşyňda täze-täze açyşlary etmekdir. Dünýä ylmynyň tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak, netijede bolsa, ýaşlara berilýän bilimi has-da çuňlaşdyrmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we beýleki döwlet maksatnamalaryna aýratyn orun degişlidir.  Şonun esasynda  Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary bilen önümçilik tejribeligini hem-de agro işewürlik mekezine talyplara düşündirmek maksady bilen  “Çigildem” mebel hususy kärhanasyna baryp önümçikligiň gidişi barada gyzyklanyp telekeçiligiň inçe ýollaryny öwretdiler.
     Biz — ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almagymyz üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Esenmämmedowa Tawus
										
																			
									
							
										
							
										
							
									 
											
											
											
											
											
										 
										 
														 
														