Hasyl toýunyň dabaralanmasy!



     Häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungaty ýurdumyzyň  medeniýetiniň we döredijiliginiň paýhasynyň gözbaşy bolup, dürli žanrlarda we ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Olarda halkyň milli häsiýeti, gündelik durmuşy we tebigy gözellikleri öz beýanyny tapýar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň häzirki döwri dünýä derejesindäki ülňülerine we täze döredijilik ýörelgelerine laýyk gelýän ussatlaryň döredijiligini öz içine alýar. Häzirki döwürde türkmen suratkeşleri dürli ugurlarda — portret, natýurmort, peýzaž we abstrakt ýaly žanrlarda eserleri döredýärler. Käbir suratkeşler, ýerli tebigaty we türkmen medeniýetiniň elementlerini öz eserlerinde giňden ulanyp, halkyň milli häsiýetini görkezýärler. Şu wagta çenli döredilen eserler Türkmenistanyň medeni mirasy hökmünde kabul edilip, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde möhüm orun eýeleýärler. Häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungaty täze pikirlere, döredijilik ýoluna we gatnaşyklara giňden ýol açýar. Bu sungat jemgyýetde milli we ruhy gymmatlyklaryň döremegine we giňemegine hem-de dünýäde türkmen medeniýetini tanatmaga möhüm hyzmat edýär.  Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olarda geçmişimize we milliligimize söýgi we buýsanç duýgularyny oýarmak asylly ýörelgedir.  Bu ugurda halkymyzyň döreden edebi mirasyndan, milli gymmatlyklaryndan peýdalanmak örän täsirlidir. Garaşsyz Türkmenistanyň nakgaşçylyk sungaty gysga wagtyň içinde özboluşly taryhy ýoly geçdi. Döwlet ideologiýasy, türkmen suratkeşlerine halkyň gadymy taryhyny we onuň beýik şahsyýetlerini, milli ruhy baýlyklaryny suratlandyrmaga itergi berdi. Ýakynda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty müzeýinde “Bereketiň egsilmesin topragym” atly hasyl toýymyzy aňladýan sergä gatnaşdylar. Ol ýerde Meretgeldi Akmämmedowyň, Ýakup Annanurowyň, Muzafar Daneşwaryň, Ýewgeniý Grişiniň işlerini görkezdiler. Bu sergide Türkmen topragynyň berekediniň egsilmezdigini hem-de daýhanlarymyzyň iş pursatyny şekile geçirip beýan edipdirler. Bu bolsa Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän işleriniň aýdyň subutnamasydyr. 
     Biz mugallymlara okatmaga, öwretmäge  giň ýol açýan Türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýydýaryn. Gahryman Arkadagymyňyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. 


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Gurbanow Ahmet

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79