Agro işewürlikde ösüşiň wajyp ugurlary



     Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly serişdeleriň goýlandygyny, telekeçileriň bolsa döwlete degişli bolmadyk ulgamyň gerimini giňeltmek işinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň öndürijiligini artdyrmakda-da möhüm orun eýeleýändiklerini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy telekeçiligiň işini ösdürmäge we höweslendirmäge aýratyn üns bermegiň, degişli düzümlerde täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Häzir ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgelerinde ýola goýýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň, salgyt ulgamynyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň, ýer böleklerini bermek düzgüniniň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz bermekde we telekeçiler üçin karz, gümrük hem-de söwda amallaryny resmileşdirmek işleriniň ýeňilleşdirilmeginde beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hereket edýän agroişewürlik mekezi hem öz işjeň talyplary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesinde ýurdymyzda azyk bolçulygyny berkitmekde hususy pudagyň goşandy” atly maslahatyna gatnaşyp, azyk bolçylygyny üpjün etmekde ýurdymyzda alnyp barylýan syýasat barada hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmekde uly-uly özgertmeleri alyp barýandygy barada çykyş etdiler. 
     Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdymyzyň hususyýetçileriniň alyp barýan işlerini goldamakda we döwrebaplaşdyrmakda, döwletimiziň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we berkitmekde alyp barýan asylly işleri elmydama rowaç alsyn, olaryň elmydama janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Yhlasmyradowa Gülöwser

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý
Ashgabat sity, 2009 (Gorogly) st., 143.
г.Ашхабад., ул. 2009 (Гёроглы), дом 143.

Telefon belgiler:
34-98-91, 34-91-79