TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY KÄMIL BILIM
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewüligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar; döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Garyman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdymyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan we halk döredijiliginiň eserlerinden ýerlikli peýdalanmalydyrlar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň many-mazmuny, bilim berijiligi we ylmy-usulyýet ugurlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň esasynda hem her aýda däbe öwrülen aýlyk synaglary hem ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Aýlyk synaglary, talyp ýaşlaryň bilim derejelerini gün-günden kämilleşdirmek, şol aýda diňe bäşlik baha bilen okan talyplary höweslendirmek maksady bilen gurnalýar.
Ýaş nesillerimizde arassa ahlaklylygy, ar-namyslylygy, edepliligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekde görelde bolýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri üçin köp sagbolsunlar aýydýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Garyman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiň mugallymy
Jumaýewa Mähri