Inženerçilik we weterinariýa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň çäginde oba hojalyk toplumyny ösdürmekde önümçiligiň depginini çaltlandyrmak we olaryň gurluşyny giňeltmek, ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň derejesini ýokarlandyrmak, agrar gatnaşyklary we tehnologiýalary kämilleşdirmek, ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk şeýle hem tohumçylyk işleri ýaly pudaklary işjeň ösdürmek boýunça bilim berýän “Inženerçilik we weterinariýa” bölümi hereket edýär.
Oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-enjamlaýyn meselelerini innowasiýa esasynda çözmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalaryň täze nusgalaryny ornaşdyrmak, ekerançylyk ýerlerini suwlulandyrmak we melioratiw taýdan gowulandyrmak, maldarçylyk pudagyny ösdürmek we olaryň baş sanyny artdyrmak ýaly dersleri has döwrebap usulda öwretmek bu bölümiň mugallymlarynyň öňünde durýan esasy wezipedir.
“Inženerçilik we weterinariýa” bölüminiň düzüminde 4 sany hünär hereket edýär. Olar:
- Oba hojalygynyň mehanizasiýasy;
- Gidromeliorasiýa;
- Ýer ulanylyşy;
- Weterinariýa.